galkan welleňi goşgulary

PDF 66 pages 1.7 MB Free download

Page preview (5 pages)

Scroll down 👇
1 / 66
1 galkan welleň1 (1929-1974) 2 awtor hakda türkmen halkýnýň parasatlý şahyýry galkan welleň1 (1929-1974) "biz eneden doganda, gul bolmaga dogan däl,, güýjümize buýsanyp, degmedige degen däl. emma welin degene, biz hergiz baş egen däl, eger yrs arap biri, gelse sypdyrmary diri gazaply naýza düzüp, gark ederis gan içinde." galkan türkmen halkynyň paýhasly şahyry merhum galkan welleňi 1929-da türkmenistanyň paýtagty aşgabat şäheriniň gündogarynda ýerleşýän taryhy ”änew” şäherinde dünýä inýär we 1974-de köneleşen ýürek keseli sebäpli ikinji ýurdy bolan jelgelandan doktora görünmek üçin bujnurt şäherine baranda myhmanhanalaryň birinde öräň bimahal, ýaňy orta ýaşlarynda, gaýnap käsesi dolan çagy aradan çykýar we bir giden aýdylmadyk goşgularyny we ýazylmadyk dessanlaryny özi bilen äkitýär. şahyr özüniň ilkinji watan bolan türkmenistanda ýaşan döwürinde iki ýyl türmede oturyp, uç ýyl hem göz türmesinde saklanýar, soň eýrana geçen döwründe hem tähran, gürgen we maşat şäherleriň tussaglarnyda üç ýyl oturýar. şahyr bilen 1963-nji ýylda gürrüňdeş bolanymda, ol türkmenistanda tussaga girmeginiň …
2 / 66
tmeginiň sebäbini bilmesek-de, onuň öz gürrüňlerinden aňlanylyşy ýaly, syýasy sebäpler üçindigi gaty ähtimaldyr. şahyr "ýaprak" atly goşgusynda ene topragy terk etmesini bir güýçli apy-tupanyň ösmegi zerarly, pudagyndau tänen 1 we ýeliň uguryna sürülip, ýat ülkeden baş çykaran, ýapraga meňzeýär. galkan özüniň aýralyk çeken ýyllaryny, ýaşaýyşynyň iň agyr we ajy günleri saýyp, elmydama gözel iliniň hem göbek gany daman ýurdunyň hasratynda geçiripdir. muny şahyryň "diller oýnaýar", "ýazýaryn" we "isleýän" atly goşgularynda has aýdyň duýmak bolýar. bu goşgularyň kä bentlerine üns bereliň: 1 gopup gaçan, ýolnup aýrylan, sapagyndan ýolunmak 4 ýakyn ýürek bilen uzak ýollardan, watanyma salam diýip ýazýaryn. gadyrly, islegli, ulus illerden, bizi aýra saldy diýip ýazýaryn. yzymy ýat etsem, otuz ýyl geçip, köneki düzgünler, obalar göçip, aýralyk zäherin-zakgunyn içip, içim-bagrym ýandy diýip ýazaýaryn. ajal ýetip, ölsem watanym görmän, ýüregimde galar müňlerçe arman, tebipler tapmazlar derdime derman, watanym, dermanym diýip ýazýaryn.  saldym bu gün watanymy ýadyma, tenim-jamyn islär ony mydama, …
3 / 66
yrlar boýy zehinler siňdirilip sünnälenen 2 folklorik aýdymlarymyza çalym edip duran, sadalygy hem akgynlylygy bilen tapawutlanýar. ol şeýle sada ýasawly goşgularynyň üsti bilen uly manylary, özüniň dünýa, durmuş, ynsan we watan söýgüsi hakyndaky duýgularyny hem garaýyşlaryny örän aýdyň we çeper beýan etmegi doly başarypdyr. galkan şahyýrdan biziň elimize takmynan 1000 setirden ybarat 36 sany goşgy gelip gowuşdy (1368-11-8 şamsi ýyl 1990-01-28 ). bu goşgular aman ogly atdanyň (şahyryň ýegeni), çary ogly şamyradyň kömegi bilen ýygnalyp, gojateke ogly baýramgeldiň golýazmasy bilen bir depdere ýerleşdirilipdir. adamzada bolan çäksiz söýgi, bu goşgularyň iň gözel bezegi bolup durýar. onuň ýarsyndan gowuragy şahyryň durmuşa we ynsana bolan garaýşyny, watarna we il-ulusa bolan çäksiz söýgüsini we bütin adamzadyň gelejegine umytly we hoşniýetli bakyşlarny çeper suratlandyrýar. 2 has owadanlanan, has gelşigne getirilen 6 göwnüm gitdi her tarapa, her ýana, müň dürli pikirler geldi hyýala, gygyrsam halklara günde ýüz ýola, hakyky ýollara öwrüler ýaly. gygyrdym medine, gahyra diýdim, …
4 / 66
ha" diýip, soran adama hem salgy hem sapak berýär. ýokarda aýdylyşy ýaly aýralyk ýylarynda ýazan watan we i̇l-gün hasratyny beýan edýän goşgulary- da uly orun tutýar. halkyň dini ynançlaryny özleriniň şahsy bähbitlerine ulanýan, güýç eýeleriniň guly bolan ruhany sumakara garşy örän kesgir we täsirli goşgulary arkaly çykyş etmek bilen bir wagtyň özünde, şahyryň öz taňrysyna ýürekden sygynyp, ata-babalardan gelýän däp-dessurlarydyr dini ynançlaryny hormatlaýandygyny görkezýän goşgulary hem az däl. olardan bir näçesine üns bereliň: iýip-içip, gülüp-oýnap, niçelriň başyn aýlap, halaly-haramy saýlap, dogry ýola geçmediler. şerigaty yzlan bolup, hakykaty gözlän bolup, arar dilin sözlän bolup. türki dile geçmediler. güýçlä boýun burmazlygy, gol gowşuryp durmazlygy, mätäç bolup ýörmezligi, olar balka açmadylar.  8 arş-y kürsüň saýasyny, ýer ýüzüniň paýasyny, barça zadyň eýesini, elmydama ýat eýledim. älem, ählin döredeni. dagy, daşy eredeni, welleňi diýr ýaradany, men oturyp ýat eýledim.  içinde aş bolmasa, gazany neýlärin men. sözleri hak bolmasa, ýazany neýlärin men. kada-kanunsyz ýerde, …
5 / 66
a jany, barabar görgün sen, şah-u gedaýy, diýsem iller güldi, men hem illere. meniň sözlerimden ederler wähim, atasy adalat, enesi rähim, akyl bolan muny eýleýer pähim, diýsem iller güldi, men bem illere. ֍֍֍֍֍ 10 watanyny we il-gününi tüýs ýürekden we bütin durky bilen söýen şahyr galkan welleňi, ýüregimizde ebedi ýaşar. ýatan ýeri ýagty bolsun begmyrat gereý berlin 1993 taýýarlan: şemsetdin ak 2018 11 bilebilmedim bu gün ýürek joşdy diýmäge, permanym ýokdur meniň, hassa halda ýatmyşam dermanym ýokdur meniň. gelip halym sormaga, ýaranym ýokdur meniň, derdim çekip ýatmaga, kararym ýokdur meniň, dälimi ýa sagmy men, bilebilmedim bu gün. bulut kimin dolmuşam, neýläýin nem bolmasa? akly-huwşum başymda, ýygnanyp jem bolmasa, derdime, däri-derman, hiç biri em bolmasa, gaýgy-gussa el çekip, aýrylyp, güm bolmasa, şol sebäpden sözlerim düze bilmedim bu gün. oýun-gülküler bilen, ýüregim baz bolmady, kakdym göwnüm taryna, men diýen saz bolmady, gyş günlerim sowulyp, maňa bir ýaz bolmady, derdeserim başymdan, kemelip az …

Want to read more?

Download all 66 pages for free via Telegram.

Download full file

About "galkan welleňi goşgulary"

1 galkan welleň1 (1929-1974) 2 awtor hakda türkmen halkýnýň parasatlý şahyýry galkan welleň1 (1929-1974) "biz eneden doganda, gul bolmaga dogan däl,, güýjümize buýsanyp, degmedige degen däl. emma welin degene, biz hergiz baş egen däl, eger yrs arap biri, gelse sypdyrmary diri gazaply naýza düzüp, gark ederis gan içinde." galkan türkmen halkynyň paýhasly şahyry merhum galkan welleňi 1929-da türkmenistanyň paýtagty aşgabat şäheriniň gündogarynda ýerleşýän taryhy ”änew” şäherinde dünýä inýär we 1974-de köneleşen ýürek keseli sebäpli ikinji ýurdy bolan jelgelandan doktora görünmek üçin bujnurt şäherine baranda myhmanhanalaryň birinde öräň bimahal, ýaňy orta ýaşlarynda, gaýnap käsesi dolan çagy aradan çykýar we bir giden aýdylmadyk goşgularyny we ýazylmadyk dessanlaryny özi bilen äkitýär. şahyr...

This file contains 66 pages in PDF format (1.7 MB). To download "galkan welleňi goşgulary", click the Telegram button on the left.

Tags: galkan welleňi goşgulary PDF 66 pages Free download Telegram