täjimow_agadym_türkmen_edebiýaty_iň_gadymy_döwürlerden_x_asyra_çenli

PDF 238 pages 1.4 MB Free download

Page preview (5 pages)

Scroll down 👇
1 / 238
türkmenistanyň bilim ministrligi magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti seýitnazar seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty akmyrat täjimow araznepes mämmetjumaýew gadym türkmen edebiýaty (iň gadymy döwürlerden x asyra çenli) і ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi aşgabat - 2010 6 a. mämmetjumaýew gadym türkmen edebiýaty (iň gadymy döwürlerden x asyra çenli) ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– a.: türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. 242 s 7 giriş türkmen oguz begleri, budur eşidiň, bizi taňry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniň törüni hiç kim bozup bilmez. daşa ýazylan oguz taryhyndan türkmen halky diňe bir ýakyn we orta gündogaryň däl, eýsem dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýar. türkmenleriň gadymy külalçylyk (küýzegärçilik), amaly haşam, şekillendiriş, binagärlik, sazçylyk, atşynaslyk, halyçylyk, zergärçilik sungaty dünýä taryh ylmy tarapyndan ykrar edilgi. türkmenler dünýäniň ýüzünde dörediji halklaryň biri hökmünde tanalýar. häzirki döwürde türkmenleriň döreden ahalteke bedewine, arwana düýesine, saryja goýnuna, alabaý köpegine, türkmen tazysyna …
2 / 238
dir. bu döwletleriň köpüsi örän gadym döwürlerde döredilipdir. türkmenleriň ilkinji döwleti oguz türkmenleriniň döreden döwletidir. bu döwlet köpetdagyň etegindäki täk galadan, nusaýdan, änewden hem altyndepeden uzalyp, tutuş merwi, köneürgenji, seýhun bilen jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapy hazardan balha, beýleki bir tarapy atail (wolga) derýasyna çenli aralygy tutupdyr. oguz ýurdundaky türkmenleriň dili gadymy türkmen dili bolup, olar göktaňry dinine ynanypdyrlar. oguz türkmenleriniň iň gadymy döwletleriniň biri-de, beýik hun döwletidir. beýik hun döwleti mundan iki müň bäş ýüz ýyl ozal döräpdir. beýik hun döwletiniň iň güýçli hökümdarlarynyň biri hökmünde duman beýginiň, mete hanyň atlary taryhda meşhurdyr. duman beýgi beýik hun döwletiniň bir serhedini çyn-maçyna çenli giňeldipdir. gök türkmenleriň döwleti, garahanly türkmenleriň döwleti, beýik oguz türkmen döwleti, gaznaly türkmen döwleti, beýik seljuk türkmen döwleti, köneürgenç türkmenleriniň döwleti türkmen halkynyň geçmişde guran beýik döwletleriniň iň meşhurlaryndandyr. bu döwletlerde ýaşan ata-babalarymyz oguzlar, dahlar, saklar, skifler, massagetler diýlip atlandyrylypdyr. orta asyrlarda häzirki türkmenistanyň çäklerinden …
3 / 238
. şol döwürlerde orta aziýada, häzirki türkmenistanyň çäklerinde, hususan-da, oks derýasynyň boýlarynda sak, massaget taýpalary ýaşapdyr. olara skifler diýlipdir. ylmy çeşmelerde miladydan öňki i müňýyllykdan miladynyň i asyryna çenli saklaryň diňe bir orta aziýada däl, eýsem häzirki gazagystanyň, gündogar (hytaý) türküstanyň ýerlerinde ýaşap, olaryň çarwaçylyk bilen meşgullanandyklary ylmy çeşmelerde habar berlipdir. strabonyň hem gippokratyň işlerinde berilýän maglumatlara görä, olaryň kelleleri süýri bolupdyr. olara antropologik nukdaýnazardan süýrikelleliler diýilmeginiň sebäbi hem şonuň üçindir. şol süýrikelle taýpalaryň ýeke-täk mürasdüşerleriniň türkmenlerdigi xx asyryň antropologik barlaglary görkezipdi. şonuň üçin skif dessanlary gönüden-göni türkmen halkynyň gadymy ata- babalarynyň döredijiligi hasaplanmaga degişli bolup durýar. käbir çeşmelerde saklaryň eýran dilli halk bolandygy aýdylýar. emma ol delilsiz çaklama bolmagynda galýar. tersine sak-massagetleriň türkmenleriň ata-babalarydygyny sak-skif dessanlary bilen bir hatarda köp sanly taryhy işler subut edýär. alym soltanşa atanyýazow bu barada şeýle ýazypdyr: ―geçen asyryň ýewropa we orus alymlary ( meselem, nemes alymy mordtman, awstriýa alymy hammer, orus etnograflary n. …
4 / 238
onuň töwereklerinde türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan hunlar ýaşapdyrlar. olara taryhy çeşmelerde gunlar hem diýilýär. gunlaryň hytaý çeşmelerinde hun görnüşinde ýatlanylýandygyny taryh ylmy habar berýär. emma olaryň ata watanlary bolan şu toprakda hem hun ady bilen tanalandygyny çaklamak bolýar. seýhun derýasy hunlaryň suwy – derýasy diýmekdir. seýhun sözi iki bölekden durup, olaryň birinji seý- saý-suw diýmek bolsa, ikinji hun sözüdir. olar birigip hunlaryň derýasy manyny berýär. jeýhun sözi hem aslynda däli manyny bermän, hun derýasy manyny berýär. sesleriň ýeriniň çalyşmagy netijesinde seý sözi jeý görnüşine geçipdir. onyň seýhundan jeýhuna öwrülmegini arap diliniň täsiri diýip düşünmek bolar. şu ýerde hunlaryň uly döwlet döredip gündogara gidendiklerini we olaryň hytaýyň serhetlerine çenli baryp ýetendiklerini, hatda alysdaky amerika materigine aralaşandyklaryny aýtmalydyr. hunlaryň aňyrsynyň şumerlere baryp ýetýändigini alymlar çaklaýarlar. miladydan öňki vii asyrda otparazçylyk (bu din ony esaslandyran zaratuştranyň ady bilen baglanyşdyrylyp zaratuştraçylyk diýlip hem atlandyrylýär) dininiň döremegi bilen döwrüň edebiýatynda otparazçylyk mantyk güýçli duýlup ugrapdyr. …
5 / 238
bolupdyr. bu ýerdäki goşulyşma diýilýäni aslynda bir halkdyr. ýöne ötükentden gelen oguzlaryň gök taňry dinlidigi anykdyr. tersine umumy ady skif bolan sak-massaget taýpalary otparazçylyk dinli bolupdyr. bu iki diniň hem umumy taraplarynyň bolandygyny öňde belläpdik. sak-massaget taýpalary bilen ahemenileriň, sasanlylaryň arasynda mydama diýen ýaly barlyşyksyz söweşler bolup durupdur. muny ―tumarly‖, ―syrak‖, ―zarina we striangiýa‖ ýaly eseler doly tassyklaýar. bu birinjiden. ikinjiden, zaratuştranyň käbir çeşmelerde sekiz, käbir maglumata görä on iki dili bilendigi, onuň mukaddes kitaby ―awestanyň‖ şol dillerde ýazandygy aýdylýar. zaratuştranyň özi margiýanadan (marguş-merwden, başga bir maglumata görä horezmden) bolupdyr. zaratuştra ―awesta‖ kitabyny orta aziýanyň hem eýranyň şol wagtky döwletlerine alyp baryp, özüniň pygamberdigini aýdypdyr. emma onuň kitabyna düşünmändirler, ol ençeme horluklary başyndan geçiripdir. onuň ―awestany‖ düşündirmek üçin zendi (―awestany‖ düşündirýän kitap) ýazandygy, hatda zendi düşündirmek üçin hem özbaşyna kitap ýazmaly bolandygyny awestaçy alymlar nygtapdyrlar. ilkinji ―awesta‖ kitaby biziň günlerimize gelip ýetmändir. onuň diňe ortapars (pehlewi) diline terjime edilen metinleri …

Want to read more?

Download all 238 pages for free via Telegram.

Download full file

About "täjimow_agadym_türkmen_edebiýaty_iň_gadymy_döwürlerden_x_asyra_çenli"

türkmenistanyň bilim ministrligi magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti seýitnazar seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty akmyrat täjimow araznepes mämmetjumaýew gadym türkmen edebiýaty (iň gadymy döwürlerden x asyra çenli) і ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi aşgabat - 2010 6 a. mämmetjumaýew gadym türkmen edebiýaty (iň gadymy döwürlerden x asyra çenli) ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– a.: türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. 242 s 7 giriş türkmen oguz begleri, budur eşidiň, bizi taňry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniň törüni hiç kim bozup bilmez. daşa ýazylan oguz taryhyndan türkmen halky diňe bir ýakyn we orta gündogaryň däl, eýsem dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýa...

This file contains 238 pages in PDF format (1.4 MB). To download "täjimow_agadym_türkmen_edebiýaty_iň_gadymy_döwürlerden_x_asyra_çenli", click the Telegram button on the left.

Tags: täjimow_agadym_türkmen_edebiýat… PDF 238 pages Free download Telegram