turkman tili_1_29,06,21 (5)

PDF 104 pages 12.5 MB Free download

Page preview (5 pages)

Scroll down 👇
1 / 104
ene dili we okuw sowatlylygy (i bölek) umumy orta bilim berýän mekdepleriň 1-nji synpy üçin derslik täze neşir özbegistan respublikasynyň halk bilimi ministrligi tarapyndan neşire hödürlenen daşkent – 2021 @edurtm_uz şertli belgiler – özbaşdak işlemeli – jübüt bolup işlemeli – topar bolup işlemeli ?! – soraglar we ýumuşlar g – gönükme o – oýun eziz okuwçymyz! biz awtorlar, şu dersligi ýazanda siziň her biriňiziň bilesigeliji gözleriňizi, gülüp duran ýüzleriňizi göz öňüne getirip, ýazdyk. bu derslik siziň ýakyn dostuňyz bolsun. biziň pikirimizçe, bu dersligi okamak bilen siz gowy bilimleri, durmuşda gerek bolýan başarnyklary ele alarsyňyz. derslige jemlenen materiallar sizde ýakynlaryňyza, watana, bilim almaga söýgi döreder. dünýäniň islendik künjeginde bolsaňyz-da adamlar bilen medeniýetli gepleşikleri alyp barmaga, islendik meseläni rasional çözmäge, dürli durmuş wakalaryny dogry çözmäge kömek eder diýip umyt edýäris. siz derslikdäki materiallary gowy özleşdirseňiz öz pikiriňizi ýazuw üsti bilen, dilden yzygider, sowatly beýan etmegi başararsyňyz. bilimler ýurduna hoş geldiňiz! ýollaryňyz açyk …
2 / 104
naharlary taýýarladylar. atam we enem bize sowgat berdiler. täze ýyl bu örän şatlykly baýram. ?! soraglar we ýumuşlar: 1. bu maşgala näçe adamdan ybarat? olar kimler? 2. inisiniň we uýasynyň ady kim? g gönükme 1. suratdaky maşgala agza laryna otluda ýer ýeterlimi? @edurtm_uz 5 g gönükme 2. aşakdakylaryň arasyndan diňe maşgala agzalaryny aňladýan sözleri aýdyň. bu sözler näçe harpdan we sesden ybarat. eje, aga, ata, goňşy, mugallym, jigi, dogan, ene, baba, jora, ussa. türkmen dilinde 30 ses we 30 harp bar. sesi aýdýarys we eşidýäris. harpy ýazýarys we okaýarys. harp sesiň ýazuw belgisi. g gönükme 3. okaň we şäher atlaryny depderiňize göçürip ýazyň. özbegistan respublikasynda samarkant, buhara, hywa we kokant ýaly gadymy şäherler bar. şäherlerde we obalarda dürli millet wekilleri agzybir ýaşaýarlar we zähmet çekýärler. nusga: samarkant, o oýun: «mylaýym edip aýtmaly». eje-ejejan kaka- daýy- jigi- uýa- @edurtm_uz 6 rebusy okaň. gyş gyşda sowuk bolýar. gyşda gar ýagýar. gyşda adamlar …
3 / 104
im seni söýmese, ýakasyndan tut bäbek. ?! soraglar we ýumuşlar: 1. hüwdini kimler ýerine ýetirýär? 2. hüwdini haçan we näme üçin aýdýarlar? ony nädip aýdýarlar? 3. seniň pikiriňçe dünýäde näçe hüwdi bar? g gönükme. teksti okaň we oňa at beriň. ene hüwdi aýtmak arkaly çagasyna näme arzuw edýär? depderiňize ýazyň. hüwdiniň çaga üçin täsin täsiri bar. sebäbi ene hüwdi aýdanda ýüreginden, mähir berip aýdýar. ol hüwdi arkaly çagasyna bagt we saglyk arzuw edýär. hüwdi eşiden çaga gelejekde oňat adam bolup ýetişýär. goý hüwdi aýdymlary mydama ýaňlansyn. siz ulalanda nirede bolsaňyz-da eneňiz aýdan hüwdüler sizi öz dogduk mekanyňyza çagyrsyn. öz ene ýurduňyzy hiç haçan ýatdan çykarmaň! @edurtm_uz 10 g gönükme. hüwdüden aşakdaky sözleri tapyň we nokatlaryň ýerine harplary ýazyň. h...wd.., n...r, k... ýn...k, t...ýd... sekimli sesler: a, e, ä, i, o, ö, u, ü, y – 9 sany. çekimsiz sesler: b, w, g, d, j, ž, z, ý, k, l, m, …
4 / 104
lupdyr. onuň ogly bar eken. ogly ulalandan soň atasy oňa ýüzlenip aýdypdyr: – oglum seniň işleýşiňe syn edip otyryn. ençe ulalypsyň. tiz wagtda ýigit ýetişip, öýlenersiň. şonda hojalygy hem özüň çekmeli bolarsyň. şonuň üçin meniň aýtjak sözüme gulak sal: oglum şeýle ýaşagyn, her bir obada seniň öýüň bolsun. goý seniň her gün täze ädigiň bolsun. şeýle ýaşagyn, adamlar saňa birinji bolup tagzym etsin. şonda sen hakyky hojalyk eýesi bolarsyň. bu gepleri eşiden ogly haýran galypdyr we atasyndan sorapdyr: @edurtm_uz 14 – ata, siziň gepiňize düşünmedim, men nädip her obada öý gurup bilerin? günde täze ädik almaga pul ýetirip bolarmy? adamlar maňa tagzym etmegi üçin nädip ýaşamaly? oglunyň soragyny eşidip atasy ýylgyryp jogap beripdir: – oglum, kynçylyk çekme. meň wesýetimi ýerine ýetirmek aňsat. her bir obada öz öýüňde bolan ýaly bolmagyň üçin, her bir obada wepaly dost tutgun. şonda şol obada seniň öýüň bolar. ädigiň günde täze bolmagy üçin agşamyna günde …
5 / 104
16 g gönükme. ýogyn we inçe çekimlilere degişli sözleri oýlap tapyň we bu sözde näçe bogun bardygyny aýdyň. doganlar kürt ertekisi iki dogan güýzde bugdaý hasylyny ýygypdyrlar. hasyly deň paýlaşypdyrlar. olar işlerini gutarýança giç düşüpdir. şonda mämmet kiçi doganyna diýýär: – doganym hasan, bu ýyl hasyl az boldy, eger biz ikimiz hem birden uka gitsek hasylymyza eýe çykarlar. gel gezekleşip budaýy garawullap çykaly. doganynyň teklibini makul bilip hasan şeýle diýýär: – sen ýat we arkaýyn ukla. men garawullaryn. eger ukym gelse seni turuzaryn. @edurtm_uz 17 şeýdip mämmet uka gidýär. azrak wagt geçenden soň, hasan oýlanýar: «agamyň maşgalasy uly, çagalary köp, oňa maňa seredende bugdaý köp gerek bolar. gel, men oňa özümiň bugdaýymdan 5 halta bereýin». biraz wagtdan soň, mämmedi oýarmaly wagt gelýär. hasan doganyny oýaryp özi uka gidýär. mämmet bugdaý harmanlaryny gözden geçirip, şeýle netije çykarýar: – inim häli ýaş, söwda-satykda tejribesi az, ol aldanmagy mümkin. gel men oňa öz …

Want to read more?

Download all 104 pages for free via Telegram.

Download full file

About "turkman tili_1_29,06,21 (5)"

ene dili we okuw sowatlylygy (i bölek) umumy orta bilim berýän mekdepleriň 1-nji synpy üçin derslik täze neşir özbegistan respublikasynyň halk bilimi ministrligi tarapyndan neşire hödürlenen daşkent – 2021 @edurtm_uz şertli belgiler – özbaşdak işlemeli – jübüt bolup işlemeli – topar bolup işlemeli ?! – soraglar we ýumuşlar g – gönükme o – oýun eziz okuwçymyz! biz awtorlar, şu dersligi ýazanda siziň her biriňiziň bilesigeliji gözleriňizi, gülüp duran ýüzleriňizi göz öňüne getirip, ýazdyk. bu derslik siziň ýakyn dostuňyz bolsun. biziň pikirimizçe, bu dersligi okamak bilen siz gowy bilimleri, durmuşda gerek bolýan başarnyklary ele alarsyňyz. derslige jemlenen materiallar sizde ýakynlaryňyza, watana, bilim almaga söýgi döreder. dünýäniň islendik künjeginde bolsaňyz-da adamlar bilen medeniýetli...

This file contains 104 pages in PDF format (12.5 MB). To download "turkman tili_1_29,06,21 (5)", click the Telegram button on the left.

Tags: turkman tili_1_29,06,21 (5) PDF 104 pages Free download Telegram